Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Amul galasyna «Rowaýatym-taryhym» atly gezelenç gurnaldy.

14.04.2025 157
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Amul galasyna «Rowaýatym-taryhym» atly gezelenç gurnaldy.

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza baý taryhy durmuşyndan söz açýan “Hakyda göwheri” atly kitabynyň “Taryha syýahat” babyndan ugur alyp, ýaşlaryň arasynda milli medeniýetimizi, taryhy ýadygärliklerimizi giňişleýin düşündirmek maksady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Amul galasyna «Rowaýatym-taryhym» atly gezelenç gurnaldy.

     Gezelenjiň dowamynda galanyň döreýiş taryhy müňýyllyklara uzaýan hem-de «Amurt», «Çarjuý», «Çagryjoýa» ýaly atlary göteren Amul galasy güneşli Diýarymyzyň örän gymmatly genji-hazynasydygy, senetçiligiň dürli görnüşleriniň, ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem sungatlaryň ösen Eftaly, Garahanly, Gaznaly, Seljukly ýaly onlarça döwletleriň zamanynda — Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlaryna, ülkelerine uzan Beýik Ýüpek ýolunyň guryýer hem-de suw gatnawlarynyň çatrygynda ýerleşen Amul iri şäherleriň birine öwrülendigi. Amul şäheri hem orta asyrlarda iri ylym merkezi hökmünde bütin Gündogara meşhur bolup, onuň çäginde medeniýete, ylma, edebiýata, sungata ägirt uly goşant goşan şahsyýetler kemala gelendigi, müňýyllyklara uzaýan maddy we ruhy mirasymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen baý medeniýetimiz bu gün halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan gymmatlyklar hökmünde örän uly ähmiýete eýedigi barada talyp ýaşlara giňişleýin düşündirildi.

      Gezelenje gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmeklige, geçmiş taryhymyzy içgin öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň uly buhgalteri                                                  Abdullaýewa Aýjan

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.