«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk gözleýjileriniň burawlan guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.
Munuň özi ekspedisiýanyň agzybir hünärmenleriniň ýetip gelýän beýik baýrama — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy.
— Öňki ýyllarda geçirilen deslapky barlaglaryň netijelerine laýyklykda, Çärjew etrabynyň çäginde, Malaý gaz känine golaý ýerde ýerleşýän bu meýdançada tebigy gazyň uly gorlarynyň bardygy çaklanylýardy. Bu ýerde gözleg guýusyny burawlamak işi tejribeli buraw ussalary Işanguly Mämmetgulyýew bilen Döwlet Babagulyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlarynyň agzalaryna ynanyldy. Olar tarapyndan şu döwre çenli 2 müň 500 metr çuňluk burawlandy we önümli gatlaga ýetildi. Täze guýynyň önüm berijiligi her gije-gündizde kükürtsiz tebigy gazyň 389 müň kub metrine barabardyr. Geljekde bu meýdançada gözleg guýularyny burawlamak işleri dowam etdiriler — diýip, ekspedisiýanyň geologiýa bölüminiň başlygy Batyr Akmyradow ynam bilen aýdýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...