Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda wise-premýer H.Geldimyradow Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän onkologiýa hassahanalary bilen bagly meseleler barada hasabat berdi. Hususan-da, olary gurmagyň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça geçirilen degişli işleriň netijeleri barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Ýurduň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň gurluşygyny yzygiderli dowam etdirmek zerurdyr. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...