23-nji sentýabrda ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular diýip, TDH habar berýär.
Beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp edebi mirasy ýadygärlik galdyrdy. Döwlet Baştutanynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik filosofyň eserleri onlarça dile terjime edilip, halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň gymmatlygyna öwrüldi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmeniň beýik şahyrynyň hormatyna dürli mazmunly dabaralardyr çäreler geçirilýär. Geçen anna günündäki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz oktýabr aýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...