Manyly ömrüň beýany

15.07.2023 327
Manyly ömrüň beýany

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Welaýat häkimliginiň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda geçirilen çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiz we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Milli Liderimiziň täze kitabynda durmuş ýolunyň, baý iş tejribesiniň aýdyň beýan edilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, milli ýörelgelere möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň asylly däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda geçilen ýollar, edilen işler baradaky oýlanmalary beýan etmek bilen birlikde geljek barada alada etmegiň her bir ynsan üçin mukaddes borçdugyny nygtap geçýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň öwüt-ündewlere we taglymatlara ýugrulan bu kitabynda manyly ömrüniň mertebeli menzilleri beýan edilýär. Kitapda halk döredijiliginiň dürdäneleriniň, gadymy rowaýatlaryň, täsirli hekaýalaryň getirilmegi neşiriň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu ýerde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilen beýik işleriniň, manyly ömür ýolunyň häzirki we geljekki nesiller üçin ýolgörkeziji nusga öwrülendigini nygtap, mundan beýläk hem Milli Liderimiziň zehininiň ýiti, ylhamynyň ganatly, sözleriniň ötgür, kitaplarynyň bolsa höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Dabaranyň dowamynda medeniýet işgärleriniň ajaýyp zamanamyzyň we asuda Watanymyzyň beýik ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini wasp edip, ýerine ýetiren aýdymlary çärä gatnaşanlaryň ruhlaryny belende göterdi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.