12-13-nji sentýabrda Özbegistanyň Hywa şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara maslahaty geçirildi. Bu sebitleýin çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti, şeýle hem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň parlament wekilleri gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Metbugat gullugy habar berýär.
Forum Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlamentler derejesinde goldamagy, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegi, ýurtda durmuş-ykdysady ösüşlere parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini ýaýratmagy maksat edinýär.
Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar wekilçilikli edaralaryň işini kämilleşdirmekde, zenan-gyzlaryň we ýaşlaryň döwletiň durmuş-ykdysady durmuşynda işjeňligini gazanmakda milli tejribeler barada paýlaşdylar, şeýle hem, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze oňyn ýörelgeler barada çykyş etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...