Möhüm ähmiýetli wakalar kalplara buýsanç paýlaýar

26.03.2025 165
Möhüm ähmiýetli wakalar kalplara buýsanç paýlaýar

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň babadaýhanlaryny halal zähmet çekip ene toprakdan bol hasyl almaga ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 24-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Lebaply babadaýhanlarymyz hem 26-njy martda gowaça ekişine başladylar. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan sergiler we welaýatymyzyň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary bilen özboluşly baýramçylyk dabarasyna öwrüldi.


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni                    Leýla Amanowa





Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.