20-21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de ilkinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu baradaky teklibi anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew hödürledi.
Bellenilişi ýaly, bu çäreleri Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri geçirmek hakynda degişli resminamalaryň esasynda guramak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany noýabr aýynda Türkmenabat şäherinde Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji sebitara forumy geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Belläp geçsek, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...