Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň gurnamagynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan taryhy ýylymyz mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahatlaryň geçirilmegi giň gerim alýar. Şeýle maslahatlaryň biri hem ýaňy-ýakynda biziň Dänew etrabymyzyň medeniýet öýünde geçirildi. Maslahata kümüş saçly eneler, ak sakgally ýaşulular şeýle hem etrabymyzyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşdylar. Täsirli geçen aýdym-sazly dabaraly maslahatda çykyş edenler beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk, ruhy-ahlak mowzugyndaky we ynsanperwerlige, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleriniň ýaş nesillerimize terbiýe bermekde gymmatly hazyna bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler. Ildeşlerimiziň nygtaýyşlary ýaly, beýik söz ussadynyň çuňňur manyly şygyrlary ynsan kalbynyň öçmejek nurudyr. Çünki dana Pyragynyň paýhasy siňen ajaýyp şygyrlary nesilden-nesle geçmek bilen, ynsanlaryň kalbyna ornaşyp, ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmeginde şamçyraga öwrüldi. Maslahatyň dowamynda etrabymyzyň medeniýet we sungat işgärleri akyldar şahyryň aýdyma öwrülen ajaýyp eserleri, owadan tanslary şeýle-de täsirli folklor çykyşlary bilen oturanlara ruhy lezzet paýladylar. Maslahata gatnaşyjylar beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini ösüşlerden-ösüşlere sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni: Dinara Karimowa
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...