Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni parahatçylygyň we dostlugyň, sportuň hem-de adamzadyň sagdyn ýaşaýşynyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýär. Ynsanperwerligiň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we sportuň ajaýyp däplerini özüne siňdiren bu halkara baýramynyň şanyna ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň köňüllere şatlyk paýlaýan nowjuwan bahar pasly bilen sazlaşyp, berkarar döwletimizde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly üstünliklere bolan guwanjymyzy we buýsanjymyzy arşa galdyrýar. Berkarar döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň medeni-ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasy özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha giň gerime eýe bolýan bedenterbiýe we sport hereketi jemgyýetimizde möhüm ähmiýetli ugra, bagtyýar zamanamyzyň esasy maksatlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesi esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda, şeýle hem, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” hakynda Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy uly buýsanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine hem-de abadançylygynyň üpjün edilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet bermek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini, sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda sporta we bedenterbiýe degişli geçirilýän oňyn işleriň netijesinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda futbol oýunlary boýunça geçirilýän ýaryşlar uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde Türkmenistan döwletimiz sportuň wagyz edilýän, dürli sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşy, nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Eşretli geljegimizi nazarlaýan beýik maksatlardan ugur alyp, Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!” “Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!” diýen şygaryna hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen ynsanperwer taglymatyna laýyklykda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Halkymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatlygy ugrunda uly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ýaşyňyz uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, sagdynlygy we ruhubelentligi berkarar etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin.
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň kätibi Manzura Berdiýewa
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...