Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny we bilim işgärlerini Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlady.
Döwlet Baştutany Gutlagynda "Bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär" diýip belleýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylýar, Aşgabat şäherinde Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdep açylyp ulanylmaga berilýär.
"Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, siz ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, okamagy, öwrenmegi ugrunda alyp barýan işleriňizi üznüksiz kämilleşdirmelisiňiz. Ylymly, bilimli, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde elmydama döredijilikli gözleglerde bolup, bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmakda oňyn netijeleri gazanmalysyňyz" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...