Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda hem-de oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy we käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň barşynda häkimler, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew we wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň welaýatlarynda hem-de oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabatlary berdiler. Häkimleriň hasabatlarynda ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýdyldy. Şeýle-de iş maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy T.Mälikow oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlary barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatynyň barşynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky degişli resminamalara gol çekdi. Iş maslahatynyň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...