Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2024-nji ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu barada döwlet Baştutany anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi.
Mejlisde şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,1 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 7,8 göterime deň boldy. Şeýle-de hasabat döwründe ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatyna görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Serdar Berdimuhamedow sentýabr aýynda köp sanly çäreleriň geçiriljekdigine ünsi çekip, olara jogapkärçilikli çemeleşip, çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli işleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...