Şu gün bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumyny gurmak «Nahal» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, şu okuw ýylynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. 2023-2024-nji okuw ýylyndan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...
Şu günler welaýat Baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleriniň arasynda yglan eden «Baş...