Söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

19.02.2026 115
Söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi

       Golaýda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly-at myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyna abraý goşýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasy tarapyndan Halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli halkymyzy diýseň guwandyrandygy dogrusynda söhbet açyldy. Bu abraýly baýraklar Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara Sirk sungaty festiwalyň çäklerinde gowşuryldy. Ýaňy ýakynda bolsa taryhy ýylymyzyň 4-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary hem-de nepislik bilen ýasalan at eýelerini gowşurmagy bu toparyň agzalaryny hem-de ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny begendirdi. Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň her biri watanymyzy bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan, behişdi bedewlerimize çäksiz sarpa goýýan eşretli zamanada ýaşamaga, milli gymmatlyklarymyzy halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny, çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Aýjahan Mollaýewa,

  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.