SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

27.01.2026 33
SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Halaç etrap Merkezi kitaphanasynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Watançylyk ruhumyzy belende göteren şygar” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.Duşuşyga Halaç etrap Merkezi kitaphananyň agzybir işgärleri hem-de Halaç etrap Çagalar sungat mekdebiniň ýaş sazandalary gatnaşdylar. Sazandalaryň çalan sazlary, watanymyzyň ösüşlerini, behişdi bedewlerimizi wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary duşuşyga gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Duşuşykda çykyş edenler 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi bedew bady bilen aýdyň ýollarda ynamly öňe barýan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ýaşlaryň atçylyk sungatyna bolan höwesini artdyrmakda uly işleriň alnyp barylýandygy, behişdi bedewlerimiziň türkmen halkynyň buýsanjyna, milli baýlygyna öwrülendigi dogrusynda belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Şirinaý Öwlýagulyýewa

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni


Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.