Şowhunly çykyşlar!

23.08.2023 253
Şowhunly çykyşlar!

Şu günler Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de Nikuliniň Swetnoý bulwardaky Moskwa sirkiniň artistleri Türkmenabat şäherinde myhmançylykda. Olaryň şowhunly çykyşlary awgust aýynyň 20―27-si aralygynda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda görkezilýär. Mundan öň olar paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de Daşoguz welaýatynda çykyş etdiler. Indi bu ajaýyp sirk artistleri ildeşlerimize ruhy lezzet paýlaýarlar. Russiýanyň sirk ussatlarynyň we dürli sirk haýwanlarynyň geň galdyryjy çykyşlary tomaşaçylara ýatda galyjy pursatlary bagyş edýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.