Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde hormatly Prezidentimiziň täze neşir edilen «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Uly ruhubelentlige beslenen dabara institutyň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň many-mazmuny, onda getirilýän taryhy maglumatlar dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da bu gymmatly eseriň geljegimiz bolan ýaş nesli watansöýüjilik, ata-baba dowam edip gelýän milli ýol-ýörelgelerimize ygrarlylyk, il-günümize wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigi çykyşlarda buýsançly nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar şeýle ilhalar eseri öz halkyna peşgeş edendigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýlara KARIMOWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...