PYRAGY HEM ARKADAG — ÖMRÜMIZE ŞAMÇYRAG
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilelikde guramagynda «Pyragy hem Arkadag — ömrümize şamçyrag» atly ylmy döredijilik maslahaty geçirildi. Oňa döredijilik işgärleri, edebiýatçylar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, institutyň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.Maslahatda Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilige, agzybirlige, belent ahlaklylyga ýugrulan şygyrlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler şahyryň döredijiliginiň, edebi mirasynyň nesil terbiýesinde gymmatly gollanmadygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda şahyryň döredijiliginden zenan edebi we mertebesi, gelin-gyzlarymyzyň görüm-göreldesi baradaky şygyrlar okaldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarynyň nusgawy edebiýatymyz, sözüň gymmaty baradaky çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda nusgawy şahyrymyzyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek boýunça döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreler barada hem buýsançly çykyşlar diňlenildi. Üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan ylmy işleri we çap edilen neşir önümleri barada hem nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar milli medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak, geljekki nesillere miras galdyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Aýlara KARIMOWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...