S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ylmy döredijilik maslahat geçirildi

18.10.2024 165
S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ylmy döredijilik maslahat geçirildi


    Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimize, edebiýatymyza we sungatymyza bagyşlanan medeni köpçülikleýin çäreler, maslahatlardyr forumlar, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Golaýda welaýatymyzdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ylmy döredijilik maslahat geçirdik. Institutyň mejlisler zalynda «Pyragy hem Arkadag ömrümize şamçyrag» diýen at bilen geçirilen ylmy döredijilik maslahata halypa bilim işgärleri, edebiýatçylar, döredijilik wekilleri we talyplar gatnaşdylar.

    Berkarar döwletimizde Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň gymmatly şygyrlarynyň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler baradaky täsirli söhbetler maslahatda edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle hem çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgulary, şahyryň ýurdumyzda we dostlukly döwletlerde bina edilen heýkelleri barada buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Institutyň mugallymlarynyň çykyşlarynda şanly ýylymyzda bu ýokary okuw mekdebinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, çap edilen kitaplar, neşirler we ylmy makalalar barada hem nygtaldy. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň berkarar döwletimizi, bagtyýar zamanamyzy, Magtymguly Pyragyny, şanly ýylymyzy wasp edip ýazan goşgularyny okamaklary ylmy-amaly maslahatyň ähmiýetini has hem artdyrdy.

    Bagtyýar ildeşlerimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy içgin öwrenmäge, ösdürmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. 


Aýlara KARIMOWA

  Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby, ýaşlar guramasynyň agzasy

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.