Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna taýýarlyk görülýär

27.08.2024 1159
Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna taýýarlyk görülýär

24-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow türkmen wekiliýetiniň Täjigistana saparynyň çäklerinde bu ýurduň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha berip, ulag, energetika, ekologiýa ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda iki ýurduň we halkyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrüljek. Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada jikme-jik pikir alyşdylar.

Bu mekdebiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bolup geçdi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.