Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşugy geçirildi

16.03.2026 9
Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşugy geçirildi

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginde sport türgenleriniň, ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda «Bedenterbiýe we sport – sagdynlygyň goşa ganaty» ady bilen teleýazgy arkaly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşugy geçirildi. Söhbetdeşlik duşuşugynyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek, ilatyň ähli gatlaklaryny, esasan-da ýaşlary sporta çekmek döwletiň yzygiderli aladasy bolup durýar. Sport bilen meşgullanýan adam sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edýär, onda ruhubelentlik kemala gelýär. Şonuň üçin sport ynsanyň saglygyna, uzak ýaşamagyna oňaýly täsir edýän ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýene bir esasy ugurlarynyň biri hem “Ýaşlar baradaky döwlet syýasatydyr”. Döwlet baştutanymyzyň alyp barýan işleri ýaş nesillerimiziň halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda bilim almaga, hünär edinmäge, saýlan hünäri boýunça başarjaňlygyny artdyrmaga, ylmy we döredijilik işine höweslendirmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna giň ýol açýar, diýip giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşlik duşuşugynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly, ruhubelent we päk ahlakly, ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýjan Abdullaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň uly buhgalteri

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.