«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, Türkmenabat şäher Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda «Türkmen alabaýy – milli gymmatlygymyz» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýaş hünärmenler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda giňişleýin aýdyp geçdiler. Bellenilişine görä, türkmeniň alabaýy örän giň ýaýran tohum bolup, ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda üýtgewsiz saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň çäginde, ýagny Goňurdepede we Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gulagy, guýrugy kesilip gysgaldylan güýçli köpekleriň heýkelleri munuň şeýle bolandygyna şaýatlyk edýär.
Maslahatyň ahyrynda muzeýe guralan gezelenç bolsa has-da hem täsirli boldy.
Aýjahan MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...