"Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň Demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap” ady bilen maslahat geçirildi.

01.10.2024 211
"Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň Demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap”  ady bilen maslahat geçirildi.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara ýaşulular gününi milli aýratynlyklarymyza laýyklykda BMG-niň düzümine girýän ähli döwletler bilen bilelikde halkara derejesinde belläp geçmeklik asylly däbe öwrüldi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem bu baýramçylyga bagyşlanyp Türkmenabat şäher häkimliginde “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň Demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap” ady bilen welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, talyp ýaşlaryň hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dabara gatnaşan welaýatymyzyň sylagly ýaşulularyna baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň ýürek buýsançlaryny we alkyş sözlerini beýan etdiler.


Akmyrat Nikolaýew

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.