Türkmen pälwany alyş göreşinde Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň altyn medalyny aldy.

13.09.2024 179
Türkmen pälwany alyş göreşinde Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň altyn medalyny aldy.

Kuraş boýunça türkmen pälwany Annagurban Allaberdiýew Gazagystanda geçirilýän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň çäklerinde alyş göreşi boýunça ýaryşlarda altyn medal aldy. Ol 90 kg-a çenli agram derejesinde ýeňiji boldy diýip, THP habar berýär.


Final tutluşygynda Allaberdiýew Özbegistandan Husnidin Ruziýew bilen duşuşdy. Ýeňil bolmadyk tutluşykda türkmen pälwany 10:4 hasap bilen ynamly ýeňiş gazandy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.