Türkmenabadyň tikin fabriginde geçen ýylyň dowamynda 50 million 111 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Türkmenabadyň tikin fabriginiň öndürýän tikin we trikotaž önümleri dürli ugurlara degişli bolmak bilen, halkyň islegine görä ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy boýunça bu ýerde öndürilýän mekdep lybaslarynyň, harytlarynyň görnüşi 20-ä golaýlaýar. Olaryň arasynda zähmet sapagynda oglanlaryň geýýän halatlary, ellikleri, öňlükleri hem-de gyzlar üçin halatlar, ýaglyklar, köýnekler bar.
Kärhanada indi üç ýyldan bäri okuwçy torbalarynyň birnäçe görnüşi tikilip, alyjylara ugradylýar. Halkyň tikin we trikotaž önümlerine bolan islegi yzygiderli öwrenilip durulýar. Ýokary hilli, dürli görnüşli önümleriň hyrydary mydama ýetik. Hut şonuň üçin kärhana täze ýylyň ilkinji aýyny-da gowy netijeler bilen jemledi. Meýilnama boýunça 2 million 300 müň manada derek, 2 million 409 müň manatlyk önüm öndürilip, bu baradaky tabşyryk 104 göterim ýerine ýetirildi. Bu ýerde häzirki wagtda halkyň köp isleg bildirýän harytlarynyň 30-a golaý görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ugradylýar. Munuň üçin zerur matalar bolsa Türkmenbaşy hem-de Ruhabat dokma toplumlaryndan alynýar.
Jemi 350-den gowrak tikinçiniň zähmet çekýän bu tikin fabrigi esasy önümleriniň hatarynda harbylar üçin hem birnäçe önümleri öndürýär. Olaryň arasynda harby lybaslar, ýapynjalar, ýorgan-ýassyk ýaly önümler bar. Möwsümleýin häsiýete eýe bolan bu önümler kämil tehnologiýaly maşynlarda tikilýär. Kärhananyň hünärmenleri geçen ýylyň dowamynda Ruhabat dokma toplumynyň öndürýän matasyndan namazlyk tikmegi-de ýola goýdular. Sowgatlyk hökmünde öndürilýän bu önümiň hyrydarlary barha köpelýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...