TÜRKMENABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ 2-NJI HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI 2024-2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Aşpez - konditer tehnology.
2. Aşpez-kulinar (milli we daşary ýurt tagamlaryny öwrenmek bilen) .
3. Buhgalterçilik işi .
4. Tikinçi- biçimçi.
5. Dellekçi .
6. Himiki-bakteriologik derňewiň laboranty.
7. Aragatnaşyk operatory.
8. Nebiti we gazy ýygnaýjy hem-de akdyrmaga taýýarlaýjy operator.
9. Elektromontýor.
10. Iş ýörediji .
11. Resminama dolanşygy,informasiýa we guramaçylyk işi .
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäher häkimliginiň 2-nji hünär- tehniki okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 27 –nji awgusty aralygynda kabul edilýar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ;
-bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa) ;
-umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
- bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
-soňky okan ýerinden (işlän ýerinden ,harby bölümden) häsiýetnama;
-3х4 möçberindäki alty sany fotosurat ;
Bulardan başga-da,okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.
-pasportyny( eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny,harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogäpkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji(y) ýylyň awgust aýynyň 28-29-30- si (sy) günlerinde Türkmenabat şäher häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär. Giriş synaglary: ähli hünärler boýunça matematika, fizika, himiýa we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
2-nji hünär- tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli ( hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
1. Aşpez
2. Kompýuteriň operatory
3. Tikinçi
4. Buhgalter
5. Dellekçi
6. Elektromontýor
7. Elektrik togy bilen kebşirleýji
8. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji
9. Kiberhowpsuzlygyň esaslary
Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
-bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
-pasportynyň göçürmesi;
-bilim baradaky resminamanyň göçürmesi;
-3х4 möçberindäki 2 sany fotosurat ;
Bellik: 1 ýyl we 1.5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär. alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) ,işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde ,okandygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
Türkmenabat şäher häkimliginiň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň 58-nji jaýy, Tel: 800(422)3-08-89, 800(422) 3-09-96, 800(422) 3-21-29
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...