Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryndan ugur alyp ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, ahlaklylyk, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmek, şeýle-de, ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimliginiň uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hem-de Lebap welaýat Zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölümi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlarynyň, Türkmenabat şäher halk maslahatynyň agzalarynyň, edara-guramalarda zähmet çekýän ýaşlaryň, talyp ýaşlaryň hem-de Türkmenabat şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda Ylymlar güni mynasybetli«Ylym, bilim ösüşleriň binýady» atly dabaraly maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de milli mirasymyzy goramak maksady bilen geçirilen dabaraly maslahaty ýaşlar üçin örän täsirli boldy.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ýaşlara okamaga, işlemäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gülşat ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...