Türkmenabat şäherinde Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň polisiýa müdirlikleriniň Ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň işgärlerinden düzülen toparlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşige her biri 5 adamdan ybarat bolan toparlar gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bäsleşik Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň arasynda ýangyn-amaly sportunyň derejesini ösdürmek hem-de şahsy düzümiň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi.
Ýaryşyň açylyşyna bagyşlanan dabaralardan soňra, bäsleşige badalga berildi. Ýörite meýilnama esasynda oňa gatnaşyjylar ýaryşyň birinji görnüş boýunça ýangyn söndüriji enjamlary ulanmak arkaly 100 metr päsgelçilikli aralygy geçmekde şahsy birinjilik, ikinji görnüş boýunça estafeta ylgawy – ýangyn söndüriji enjamlary ýüz ugruna ulanyp, 4x100 metr päsgelçilikli aralygy geçmek, üçünji we dördünji görnüşler boýunça hem degişlilikde toparlaýyn söweşjeň ýaýbaňlandyrma we zabt ediş merdiwany bilen okuw minarasynyň 4-nji gatyna çykmak boýunça bäsleşdiler.
Ýaryşyň jemi boýunça Mary welaýatyndan gelen ýangyn söndürijiler topary jemi 11402 utuk toplap, 1-nji orna hem-de ýaryşyň göçme kubogyna mynasyp bolmaklygy başardylar. Lebap welaýatynyň hem-de Balkan welaýatynyň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň toparlary hem degişlilikde 10928 we 7438 utuk bilen 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ählisine hem dabaraly ýagdaýda ýörite diplomlar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...