Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň düzümindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze kärhana şäherdäki 2-nji senagat zolagynda ýerleşýär.
6 gektar meýdany eýeleýän kärhanada önümçilik binasy, önümçilik binasynyň çäginde Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň tehnologiýalary oturdylan 2 bölümden ybarat – bakteriologiýa we mikrobiologiýa barlaghanasy, 2 gatdan ybarat edara binasy, çig önüm saklanylýan ammar, tehniki hyzmat ediş-abatlaýyş ussahanasy, bug gazanlary, suw howdany, 40 orunlyk naharhana, sport meýdançasy bar.
Kärhana bir ýylyň dowamynda 4 müň 500 tonna buýan köküni iişlemäge we 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürmäge ukyply.
Açylyş dabarasy mynasybetli täze kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ulag serişdeleri sowgat berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...