Türkmenabatda ilkinji kibersport kluby açyldy

07.11.2023 265
Türkmenabatda ilkinji kibersport kluby açyldy

Türkmenabatda ilkinji kibersport kluby açyldy

Türkmenabat şäherinde oýunlaryň birinji derejeli gurşawyna siňmek isleýänler üçin «GamerX» atly ilkinji kibersport kompýuter kluby işläp başlady.

Iň döwrebap mümkinçilikler bilen üpjün edilen oýun zalynda 36 kompýuter bar. Olar zaldaky oýun zolaklarynyň birnäçesinde ýerleşýärler. Bulardan başga-da, 6 orunlyk VIP oýun otagy klubyň agzalarynyň hyzmatynda bolar. Klubdaky ähli oýun kompýuterleri «Steam», «EpicGames» ve «Battlenet» platformalaryna birikdirilendir. Örän rahat kürsüler, salkyn howa, kibersportuň jadylaýjy giňişligi bilen birlikde bu ýere ýygy-ýygydan gelýänleriň we täze gadam goýanlaryň hemişelik ygtyýarynda bolar. Klubyň täze agzalary tejribeli hünärmenleriň maslahatlaryny hem alyp bilerler. Şeýlelikde, siz oýunlaryň täsin dünýäsine has çalt aralaşarsyňyz.

Klub geljekde kibersportuň «CS: GO», «DOTA2», «Call of Duty», «Rainbow Six: Siege» ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlary hem geçirmegi meýilleşdirýär. Klubyň has zehinli agzalary geljekde diňe bir Türkmenistanda däl, halkara derejesinde geçiriljek ýaryşlara hem gatnaşyp bilerler. Täze klub bilen bagly ýene bir bellenilmeli ýagdaý onda ýaş çäklendirmesiniň barlygydyr. 16 ýaşdan kiçi ýetginjekler kluba diňe ata-enesiniň ýazmaça razylygy bilen agza bolup bilerler.

Eger siz kompýuter oýunlarynyň hakyky muşdagy bolsaňyz, «GamerX» bilen bilelikde boş wagtyňyzda söýgüli oýunlaryňyzyň täsin dünýäsine aralaşyp bilersiňiz. Klub munuň üçin size ähli mümkinçilikleri döreder. 



Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.