2024-nji ýylda Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň eksportynyň mukdary artdy. Eksportyň esasy paýy garpyzlara we gawunlara düşýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, şu ýylyň 7 aýynda garpyz eksportynyň mukdary tutuş 2022-nji ýyldaky eksportyň umumy mukdary bilen deňeşdirilende 10 esse, gawunyň 2023-nji ýyldaky umumy eksport mukdary bilen deňeşdirilende 9 esse ýokarlandy.
Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl türkmen garpyzlaryny esasy import ediji ýurtlar Russiýa Federasiýasy we Katardyr. Eksport edilen garpyzlaryň umumy mukdarynyň 62%-i Russiýa Federasiýasyna, 38%-i Katar döwletine iberildi. Gawunyň şu ýylyň 7 aýyndaky eksporty 2022-nji ýylda gawun eksportynyň umumy mukdaryndan 1,2 esse, 2023-nji ýylda 1,4 esse ýokary boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gawun eksportynyň ep-esli bölegi Russiýa geçirildi. Bu ähli eksportyň 79 göterimine deňdir. Gazagystan türkmen gawunlaryny import edýän esasy ýurtlaryň biridir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...