2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi hem-de “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Bu babatda görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer T.Atahallyýew anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi 16-njy sentýabrda, “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” 19-20-nji sentýabrda geçiriler.
Bellenilişi ýaly, bu Geňeşiň mejlisine we halkara ylmy maslahatyna degişlilikde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş sekretarynyň orunbasarynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen meşgullanýan hem-de oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlarynda işleýän hünärmenleriň we ylmy işgärleriň hem-de kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...