12-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkeziniň geljekki işiniň esasy ugurlaryny we agzalan pudakda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyjynyň ähmiýetini nygtady. Merkeziň esasy maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlary sebitinde howanyň üýtgemegi babatda tehnologiýalary ornaşdyrmakdan we işe girizmekden hem-de sebitiň bu ugurda tehnologik ösüşine ýardam bermekden ybarat boljakdygy bellenildi. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko agzalan başlangyjyň daşky gurşawy goramak babatynda öňde goýlan bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin tagallalary birleşdirmekde möhüm ädime öwrülendigini nygtady.
Brifingiň dowamynda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we ekologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem çäräniň gün tertibine tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we Türkmenistanda alternatiw «ýaşyl» energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak bilen baglanyşykly meseleler degişli edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...