Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de alnyp barylýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada işjeň agzalaryň, talyp ýaşlaryň we Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Geňeşli iliň döwletli ýoly» ady bilen gezelenç gurnaldy.
Gezelenjiň dowamynda işjeň agzalar hem-de talyp ýaşlar Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň “Garaşsyzlyk” zalyna gezelenç etmek bilen Garaşsyzlygymyzy gazanan ýylymyzdan bäri 34 ýylyň içinde gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere maketlaryň, fotosuratlaryň üsti bilen syn etdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täzeden itergi berildi. Halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler bilen bir hatarda, özygtyýarly ösüşiň 34 ýylynyň içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýandyklary dogrusynda giňişleýin aýdyp geçdiler.
Türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýna Abdullaýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň buhgalteri
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...