24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soňra, Maslahat köşgüniň eýwanynda Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramy, şeýle hem umumymilli forumda halkyň bagtyýar durmuşyny we ýurduň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmegi bilen gutlady.
TDH-nyň beýan edişi ýaly, soňra döwlet Baştutanyny Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, olara alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...