Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Said Al Taýeri kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini we ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşlikde aýdylyşy ýaly, nebitiň we gazyň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini, şeýle hem Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertleri göz öňünde tutup, däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi we türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy. Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...