Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň Başlygyna ýüzlenmek bilen: "Sizi «Hakyda göwheri» atly täze kitabyňyzyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilipdir. Ol bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek gymmatly eserdir" diýip belleýär.
"Gahryman Arkadagymyz! Baý many-mazmunly bu kitabyň dürli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine ynanýaryn. Mundan beýläk-de Siziň galamyňyz ýiti, döredijilik äleminde gadamyňyz dowamat-dowam bolsun! Täze kitabyňyzyň höwri köp bolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan beýik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda ýazýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...