Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi.

17.09.2024 21
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň barşy boýunça iş maslahatyny geçirdi.

16-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda pagtaçy daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, tabşyrylýan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde hem-de netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek babatda zerur işler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýeralmanyň gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler geçirilýär. Güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutany welaýatlarda bugdaý ekişiniň alnyp barlyşyna gündelik gözegçilik etmegi, bugdaý meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy, ekişde tehnikalaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.