Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda halkara bileleşigi Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy.
Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri bolan Owganystandaky ýagdaýa degip geçmek bilen, Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahasynyň häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, halkara bileleşigi tarapyndan owgan halkyna kömek bermek, ýagdaýa oňat düşünmek, öňdengörüjilik hem-de bu meselä jogapkärli çemeleşmek zerur bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti esasy maksatlara – Owganystany durnukly, parahat ýurda, gymmatly we geljegi uly ykdysady hyzmatdaşa, hormatlanylýan we deňhukukly döwlete, Milletler Bileleşiginiň agzasyna öwürmäge ýardam bermäge ünsi jemlemäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...