Wagtlaýyn sergi açyldy

30.09.2023 556
Wagtlaýyn sergi açyldy

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Ýaşulularyň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi» atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de ýokarda ady agzalan medeniýet ojagy şu serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Serginiň açylyş dabarasyna iri jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, muzeý işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilhalar syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzda ýaşuly nesliň wekillerine goýulýan belent hormat-sarpa dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da çykyş edenler türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra sergi öz işine başlady. Onda Garaşsyzlyk ýyllarynda güneşli Diýarymyzda ýetilen belent sepgitleri şöhlelendirýän eksponatlar, fotosuratlar, arhiw resminamalary, gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz, zenan şaý-sepleri, haly we haly önümleri, nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserleri ýerleşdirildi. Häzire çenli şäheriň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlar şanly sene mynasybetli guralan sergä syn etdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.