Watan DES-de ýanwar aýynda 157 müň kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi

13.02.2026 5
Watan DES-de ýanwar aýynda 157 müň kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi

      Lebap welaýatynda ýerleşýän Watan döwlet elektrik stansiýasynda 2026-njy ýylyň ilkinji aýynyň netijeleri boýunça elektrik energiýasynyň 157 müň 510 kilowat sagady öndürildi. Netijede, bellenilen meýilnama 101,62 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

       Degişli döwürde stansiýada ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 3 million 73 müň manada deň bolup, bu babatda meýilnama 101,8 göterim amala aşyryldy.

       Umumy kuwwatlylygy 254 megawatt bolan döwrebap elektrik desga 2016-njy ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen açylyp, ulanylmaga berildi. Elektrik stansiýasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Electric» kompaniýasynyň kuwwatlylygy 127 megawata deň bolan MS9001E kysymly gaz turbinalarynyň 2-si hereket edýär.

        Öndürilýän elektrik energiýanyň mukdary «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Merkezi dispetçer müdirligi tarapyndan gije-gündiziň dowamynda sazlanylýar we gözegçilik edilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.