Watansöýüjilik mekdebine tagzym

29.08.2023 30
Watansöýüjilik mekdebine tagzym

Welaýat häkimliginde geçirilen «Arkadagyň watansöýüjilik mekdebi» atly wagyz-nesihat çäresi goşa hoş habara ― Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynyň dünýä inmegine hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegine bagyşlandy.

Maslahatda çykyş edenler bu hoş habarlaryň ikisiniň hem bütindünýä akyldary Magtymguly Pyragy bilen baglanyşygyna aýratyn ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilen Ýaşlar guramamyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň şahyryň heýkeliniň öňünde okan şygrynyň hut akyldaryň özüne bagyşlanmagy has belent sazlaşyk. Akyldar şahyryň adyny göterýän Ýaşlar guramamyzyň işi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza ýolbaşçylyk eden ýyllarynda has kämilleşip, bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şol kämillik ÝUNESKO ýaly abraýly gurama tarapyndan hem ykrar edildi. Şonuň üçin hem täze şygryň dünýä inmegi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmeginiň biri-birine juda ýakyn günlere gabat gelmegi ajaýyp döwrümiziň sazlaşygydyr. Çykyş edenler dürdäne eser üçin şahyr ýürekli Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, türkmen ýaşlaryna ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy hökmünde halkara giňişliginde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Maslahatda edilen çykyşlar welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň täsirli konserti bilen utgaşdy. Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy, bagşylar toparynyň, Jemşit Batyrow, Gülälek Şirowa, Pöwrize Gulamowa ýaly aýdymçylaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden we döwrebap äheňde ýerine ýetiren aýdymlary köpsanly diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Aýdymlarda we arzuwlarda döwletli döwranymyzy berkarar eden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler beýan edildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.