Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryndan ugur alyp bilim edaralaryny döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, täze sapaklary, aýratyn-da, sanly ulgam bilen baglanyşykly sapaklary girizmek maksady bilen ýakynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahadyň dowamynda çykyş edenler milli bilim ulgamyňyzy yzgiderli kämilleşdirilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilmegi ýaş nesliň diňe bir bilim derejesiniň däl, eýsem olaryň edep-terbiýesine, zähmet endiklerine hem oňaýly täsir edýär. Bilşimiz ýaly, ylym-bilim adamy zähmete we durmuşa ruhlandyrýar. Bilimli, okuwly adamyň düşünjesi, dünýägaraýşy giň bolýar. Bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda bilim terbiýeçilik işlerini alyp barmak babatda usuly täzelikler, dünýä ylmynyň gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Bagtyýarlyk döwrüniň ösen şahsyýetini kemala getirmekde bilim terbiýeçilik işleri türkmen halkynyň ahlak ýol-ýörelgelerine, milli däp-dessurlaryna, şeýle hem halk mugallymçylyk taglymatlaryna esaslandyrylýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ýaşlara okamaga, işlemäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Begenç ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...