Halaç etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň aýdymçysy Saparmyrat Tekäýew bilen Saýat etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň aýdymçysy Babajan Rozyýew «Ýaňlan, Diýarym! ― 2023» telebäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyrynyň ýeňijileri boldular.
Bäsleşigiň Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýändigini ýatladýarys. Onuň welaýat tapgyryna deslapky tapgyrlarda öňe saýlanan zehinli ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.
Bäsleşigiň welaýat tapgyry Türkmenabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki bezemen sahnada geçirildi. Bäsleşikde aýdymlaryň saýlanyp alnyşyna, olaryň sözleriniň dogry we dürs aýdylyşyna, aýdymçylaryň sahnada özlerini alyp baryşlaryna aýratyn üns berildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri onuň döwlet tapgyrynda Lebap welaýatyna wekilçilik ederler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...