«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! – 2023» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, ol her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar.
Döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurduň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan ýaşlaryň 12-si gatnaşdy.
Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň 6-sy «Ýaňlan, Diýarym! – 2023» telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ýeňijiler bäsleşikde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanandyklary üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Ýaňlan, Diýarym! – 2023» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen, şeýle-de ýeňijiniň Diplomy bilen sylaglanyldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri:
Hezretguly Hojageldiýewiç Guldurdyýew, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy;
Batyr Amanmuhammedowiç Şalarow, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy;
Bagdagül Hanmämmedowna Mämmetgurbanowa, Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi;
Aýgözel Batyrowa, Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti;
Babajan Azadowiç Rozyýew, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy;
Nurýagdy Garýagdyýewiç Bekiýew, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet merkeziniň akkomponiatory.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...