Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.
Türkmenabat şäheriniň «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen bu bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlaryndan ybarat eminler topary tarapyndan höwesjeň ýaş zehinleriň sahnada özlerini alyp baryş medeniýetine, aýdym aýdyş ussatlygyna, ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna, aýdymlaryň mazmun derejesine uly üns berildi. Eminler toparynyň çykaran netijesi boýunça ýaş zehinli aýdymçylaryň 2-si –Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy Serdar Jumaýew hem-de Halaç etrabyndan Saparmyrat Tekäýew telebäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi hem-de olar «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...