Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip ykrar edilen döwletimizde ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek maksady bilen giň gerimli çäreler, sport ýaryşlary yzygiderli dowam edýär. Golaýda şeýle çäreleriň biri Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebinde hem guradyk. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi, Baş bilim müdirligi, Saglygy goraýyş müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat bölümi, Medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi, Bedenterbiýe we Sport baradaky baş müdirligi, Türkmenistanyň Ýangyna Garşy meýletin jemgyýetiniň Türkmenabat şäher şahamçasy bilelikde guramagynda welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda geçirilen ýangyn-amaly sport bäsleşigi hem şeýle ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň Prezidentiniň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, geljekde durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmekden, mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmekden hem-de olaryň ýangyn howpuna garşy bolan raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Mekdep okuwçylary ýaryşyň dowamynda 100 metrlik päsgelçilikli aralygy geçmek, 4*100 metrlik ýangyn estafetasy boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde I orna Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Abdyrahmanow Azat, II orna Saýat etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gylyjow Baýram, III orna Çärjew etrabynyň 45–nji orta mekdebiniň okuwçysy Rustamow Meňli dagylar mynasyp boldular. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni: Owadan BABAGULYÝEWA
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...