«ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleri» atly taslama 1953-nji ýylda badalga aldy. Ol tutuş dünýäniň bilim edaralaryny umumy maksadyň – parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklary ilerletmek, medeniýetleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek maksadynyň töwereginde jemleýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň; Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň; Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň; Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň; Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň; Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň müdirlerine degişli şahadatnamalary gowşurdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...