Ýüpek gurçugyny idetmek işleri gyzgalaňly dowam edýär.

15.04.2024 227
Ýüpek gurçugyny idetmek işleri gyzgalaňly dowam edýär.

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň 1010 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa ýurdumyzda jemi öndürilýän 2100 tonna piläniň 48.1 göterimine deňdir. Welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 261 tonna, Saýat etraplarynyň ýüpekçileriniň 185.8 tonna, Halaç hem-de Dänew etrabynyň ýüpekçileriniň hem degişlilikde 140 we 132 tonna pile tabşyrmaklyga borçlanmaklary aýratyn bellärliklidir. Gündogar sebitiň çägindäki etraplaryň ählisinde bu möwsüme öňünden ykjam taýýarlyk görlendigini belläp geçmek hem zerurdyr. Häzirki wagtda welaýatda öz işine ussat tejribeli ýüpekçileriň bilen şertnama baglanyşylyp, 27654 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berlipdir. Ýüpekçilik hojalyklarynda gurçuklary idetmeklik işleriniň gyzgalaňly dowam etdirilýändigini, gündogar etraplaryň hojalyklarynda bolsa, ýüpek gurçuklarynyň eýýäm 2-nji, 3-nji ýaşyna gidendiklerini, ýakyn wagtlarda olaryň köpçülikleýin saryma durjakdyklaryny buýsanç bilen aýtmak bolar. Ýeri gelende sebitiň ähli etraplarynda pile kabul ediş we guradyş sehleriniň pile kabul etmeklige doly taýýar edilendigini-de belläp geçmek ýakymlydyr. Welaýatyň ähli etraplarynda her ýyl tut nahallarynyň täze düýpleriniň oturdylmagy, öňden bar bolan tut agaçlaryna ýylboýy ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, möwsümde ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň ýeterlik mukdarda bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem hojalyklarda ýüpek gurçuklarynyň idediljek ýerleriniň öňünden doly taýýar edilmegi, möwsümde "Lebapwelaýatýüpek" önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň ýüpekçileriň arasynda yzygiderli bolup, gymmatly maslahatlary berip durmaklary, möhüm we jogapkärli möwsümiň bütin dowamynda gurçuklara agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg edilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Welaýatda pudagyň işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagy, şeýle hem pileçi-kärendeçileriň yhlasly zähmeti, lebaply ýüpekçileriň maksatlaryna ynam bilen ýetjekdiklerine şaýatlyk edýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.